- English
Everyone shall be guaranteed judicial protection of honour and dignity, rights and freedoms as stipulated by the Constitution and laws.
Everyone shall have the right to appeal in the court against the decisions and actions of the state bodies, public associations, local self-governments and officials. (Art. 60) - Russian
Каждому гарантируются судебная защита чести и достоинства, а также права и свободы, предусмотренные Конституцией и законами.
Каждый человек имеет право обжаловать в суд решения и действия государственных органов, общественных объединений, органов местного самоуправления и должностных лиц. (Статья 60) - Turkmen
Her kime at-abraýynyň we mertebesiniň, şeýle hem Konstitusiýada hem-de kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet goragy kepillendirilýär.
Her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütlerine we hereketlerine kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. (60-nji madda)
- English
The judicial power in Turkmenistan shall belong solely to the courts.
The judicial power shall be aimed to guard the citizens’ rights and freedoms, state and public interests protected under the laws. (Art. 96) - Russian
Судебная власть в Туркменистане принадлежит только судам.
Судебная власть предназначена для защиты прав и свобод граждан, охраняемых законом государственных и общественных интересов. (Статья 96) - Turkmen
Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir.
Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir. (96-njy madda)
Constitution of Turkmenistan 1992, as amended to 2016 (English). We are aware amendments to the present constitution were adopted in 2017, 2020 and 2023. To date, no English consolidated version is available publicly. Translation efforts are underway. According to Art. 21: “Turkmen language shall be the state language of Turkmenistan. …”